Bütin dünýäde we Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramy bellenilýär
Şu günler Halkara Nowruz baýramy bellenilýär. Onuň ähmiýeti dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda dünýäniň 24 ýurdunyň goldawy bilen Nowruz ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewralynda, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde, Türkmenistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Eýran we Täjigistan ýaly döwletleriň teklipleri bilen her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi we halklaryň däp-dessurlary wagyz etmegiň baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Türkmenistanda Nowruz baýramy her ýyl 21-nji we 22-nji martdaynda, her şäherde we her maşgalada giňden bellenilýär. Däp bolşy ýaly, milli bahar baýramynyň hormatyna esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda bolup geçýär, bu ýerde gadymy dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň nyşany hökmünde ullakan ýumurtga görnüşindäki “Türkmeniň ak öýi” binasy gurlan.
Halkara Nowruz baýramçylygy bilen gutlaýarys! Size parahatçylyk, abadançylyk we ýagty gelejek arzuw edýäris!