Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi “Kiýew-Mogilan akademiýasy” milli uniwersitetiniň professory Ferhad Gardaşkan ogly Turanly bilen duşuşdy

photo

20.03.2025 senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň “Kiýew-Mogilan akademiýasy” milli uniwersitetiniň umumy we slawýan dilleri fakultetiniň professory Ferhad Gardaşkan ogly Turanly bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Ilçisi T.Ataýew taryhçy we türkolog F.Turanly bilen özara gyzyklanýan köp sanly ylmy, bilim we medeni meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Esasanam türki halklarynyň taryhy we medeniýeti boýunça ylmy işler bilen meşgullanýan professor görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň sopuçylyk uguryndaky işlerini, durmuşyny we döredijiligini öwrenmekdäki pikirlerini we taslamalaryny paýlaşdy.

Umuman aýdylanda, 2024-2025-nji ýyllarda Magtymguly Pyragynyň ýyl dönümine bagyşlanan çäreler, şahyryň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegine laýyklykda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap F.Turanly, mundan beýläk hem Ilçihananyň çärelerine gatnaşmaga we Ilçihananyň ylmy ugurdaky başlangyçlaryna goldaw bermäge gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Ilçisi hem öz gezeginde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bolup geçýän wakalar barada habar berdi.