Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Halkara ynsanperwer uniwersitetiniň rektory we wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

photo

20.03.2025 senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň Halkara ynsanperwer uniwesitetiniň rektory Konstantin Gromowenko we halkara gatnaşyklar boýunça merkeziniň direktory Alborz Pahlewanzade bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Ilçisiniň uniwersitetiň wekilleri bilen duşuşygy ylym-bilim ugurlaryndaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy.

Odessa Halkara ynsanperwer Uniwersitetiniň wekilleri halkara bilimini ösdürmäge gönükdirilen 20 ýyldan gowrak taryhy bolan bilim edarasynyň gurluşy we işi barada gürrüň berdiler. Uniwersitetiň rektory Türkmenistandan okuwa dalaşgärleriň sanyny köpeltmäge we türkmen ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

Ilçi T.Ataýew Türkmenistanda ýokary bilimiň ösüşinde gazanylan üstünlikler we bu ugurda ileri tutulýan meseleler barada tanyşdyrdy.

Bilim we ylym pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy.