Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly täze şahyrana eseriniň ýerine ýetirilmegi

Bütindünýä şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly täze şahyrana eseri ýerine ýetirilýär.
Şygyryň mazmuny garaşsyz ýurdumyzyň parahatçylyk, bitaraplyk we doganlyk ýörelgelerine, şeýle hem ähliumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän başlangyçlara esaslanýar.
Goşgynyň ýazylmagy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýörite karary esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edildi. Bilşiňiz ýaly, biziň ýurdumyzda bu ýyl şol şygar bilen bellenilýär.
Ylham beriji setirleri Aziza Kurambaýewa türkmen dilinde okaýar.
https://www.facebook.com/tmembassy.ukraine
https://www.instagram.com/tmembassy.ukraine/