Bütindünýä şygryýet gününde Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” şygyry dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar

img
img
img
img

Görnükli şahsyýetlere öz halkynyň ykbalyny öňünden görmek ukyby berilýär. Şeýlelik bilen, ýüzlerçe ýyl öň Magtymguly Pyragy öz watanynyň geljegini görüp bildi we türkmenleri garaşsyz, gülläp ösýän döwletde birleşmäge we asuda durmuşda ýaşamaga çagyrdy.

Bütindünýä şygryýet gününi bellemegiň öňüsyrasynda Magtymgulynyň arzuwlary we türkmen halky hakynda dünýä belli “Türkmeniň” goşgusy çeper ýerine ýetirildi. Ukrainadaky we daşary ýurtlardaky türkmen ýaşlary, şeýle hem türkmen diplomatlary şahyryň eserini dünýäniň dürli dillerinde okaýarlar. Şeýlelik bilen, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäginde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary düşünjesiniň esasyny düzýän parahatçylyk we ynanyşmak pikirleri wagyz etmek bilen, halklaryň arasyndaky dostlugy, doganlygy we medeni gepleşikleri berkitmegiň ähmiýeti nygtalýar.

“Türkmeniň” goşgusyny türkmen talyplary Arslan Ereşow, Baýly Ataýew, Öwezmyrat Hanbaýew, Huseýn Tursunow, Maral Durdyýewa we türkmen diasporasynyň wekilleri Aziza Kurambaýewa we Liliana Abdyşükürowa dagylar çeper okaýarlar.