BÜTINDÜNÝÄ MIRAS GÜNI

img
img
img
img

1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň garamagynda döredilen taryhy ýadygärlikler we ýerler boýunça halkara geňeşiniň mejlisi (ICOMOS) dünýä medeni mirasyny goramak we aýawly saklamak meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen 18-nji apreli Halkara ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň güni diýip yglan etdi. Şol günden bäri tutuş häzirki zaman dünýäsi bu möhüm senäni belläp geçýär. Biziň ýurdumyzyň hem bu ugurda gazanan üstünliklerine buýsanyp bileris.

Türkmenistanyň çäginde saklanyp galan arheologiki we binagärlik ýadygärlikleriniň köpüsi Beýik ýüpek ýolunyň gadymy söwda ýollarynyň ugrundaky janly durmuşyň şaýady bolup, döwürdeşlerimize we nesillerimize köp zat aýdyp bilýärler. Geografiki ýerleşişi boýunça türkmen topragy Gündogar dünýäsi bilen Günbatar dünýäsiniň arasyndaky esasy köpri bolup durýar. Gadymy döwürde we orta asyrlarda möhüm halkara söwda ýollary Türkmenistanyň çäginden Hytaýdan Ýakyn Gündogara Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Nisa şäherleri, hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan Rusa Dehistan we Köneürgenç, Hindistandan Zemme (häzirki Atamyrat) geçipdir.

Gadymy Merwiň we Köneürgenjiň, Nusaýyň Parfiýa galalary ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň çägindäki taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri öwrenmek, goramak we aýawly saklamak üçin maksadaokgunly çäreleri durmuşa geçirýär.