TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OSAKADAKY BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE ÝURDUŇ MILLI PAWILÝONYNY AÇDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Döwlet Baştutany 14-nji aprelde, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününde ýurduň milli pawilýonyny resmi taýdan açdy.
Bu ýerde eden çykyşynda: "Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir" diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy we Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurduň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow milli pawilýonyň toý bagyny kesdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň resmi adamlary binanyň içine girdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara pawilýon barada giňişleýin maglumat berildi.