ÝADYGÄRLIKLERIŇ WE TARYHY ÝERLERIŇ HALKARA GÜNI HEM-DE KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULYNYŇ ADYNY GÖTERÝÄN KITAPHANANYŇ MUZEÝINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasy bilen bilelikde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni we Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni we aň-bilim çäresini geçirdi.
Bu çärä Kiýew şäherindäki 281-nji mekdebiniň mugallymlary we 10-njy synp okuwçylary, Kitaphananyň işgärleri we okyjylary, türkmen diasporasynyň wekilleri we Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diplomatik işgärleri “Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasy: Beýik ýüpek ýolunyň ajaýyp ýerlerine syýahat” mowzugynda prezentasiýa gurady. Onda gadymy siwilizasiýalary birleşdirýän özboluşly türkmen medeniýetiniň kerwen ýollary arkaly bütin dünýä ýaýrandygy habar berildi. Türkmenistanyň häzirki çäginiň Beýik ýüpek ýolunyň gadymy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşendigi, kerwenler bilen harytlaryň ähli ugurlar boýunça äkidilendigi, şeýlelikde ýurdumyzyň siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeländigi aýdyldy. Diplomatlar häzirki wagtda Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we ähliumumy gymmatlyk hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikleri barada gürrüň berdiler. Agzalan mowzugyň çygrynda, ýurduň ýolbaşçylarynyň medeni ulgamy kämilleşdirmek, taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri öwrenmek we aýawly gorap saklamak boýunça tagallalary barada habar berildi. Bu babatynda ÝUNESKO-nyň adamzadyň medeni mirasynyň sanawyna girizilýän ýadygärlikleriň sanyny köpeltmek bilen bagly gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barýandygy mälim edildi.
Türkmen bedewiniň milli gününiň öňüsyrasynda “Ahalteke atçylyk sungaty we at bezemek däplerini” adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizmek boýunça alnyp barylan işler babatynda hem-de atçylyk pudagynyň ösmegine we Ahalteke atlarynyň arassa tohumynyň saklanylmagyna aýratyn üns berilýändigi aýdyldy.
Diplomatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzyň Bitaraplygyň 30 ýyllygyny belleýändigini, bu möhüm wakalara dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara tagallalary üçin möhüm döwür hökmünde garaýandygyny bellediler.
Ilçihananyň wekilleri kitaphananyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini Magtymguly muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy bilen gutladylar. Muzeýiň we kitaphananyň türkmen halkynyň medeni mirasyny we ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmekde, şeýle hem ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda ýakyn medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly rol oýnandygyny nygtadylar.
Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýuliýa Lopata, gatnaşyjylara muzeýiň taryhy we onuň ýarym asyryň dowamynda iki halkyň medeniýetleriniň arasyndaky dialogy ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle-de, ol kitaphananyň binýadyny täze türkmen eserleri we muzeýi täze gyzykly eksponatlar bilen doldurmakda yzygiderli goldaw berýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy esasynda kitaphananyň we muzeýiň gaznalarynyň dürli kitaplar we türkmen milli gymmatlyklar bilen üstüniň doldurylmagyna çuňňur hoşallyklaryny beýan etdi.
Mundan başga-da, çärä gatnaşan myhmanlar muzeý otagyny gyzyklanma bilen synladylar. Gadymy binagärlik ýadygärlikleri, ajaýyp Ahalteke atlary we beýleki milli hazynalar barada taýýarlanan wideo şekiller we surat sergisi görkezildi.
Däp bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň goşgylary türkmen, ukrain we iňlis dillerinde çeper okaldy. Şeýle-de, türkmen diasporasynyň wekili tarapyndan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgysy hem labyzly ýerine ýetirildi.