TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA YLALAŞYKLARYŇ ULY TOPLUMYNA GOL ÇEKDILER

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň ikinji güni ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi bilen tapawutlandy. Resminamalar – senagat we energetika pudagyndan başlap, bilim, ekologiýa we suw hojalygyna çenli köp ugurlary öz içine alýar, bu bolsa türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ulgamlaýyn çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.
Gol çekilen resminamalaryň has ähmiýetlisi, iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy ýapon we türk kompaniýalary bilen Çarçuwaly ylalaşyklar boldy.
Bu ykdysadyýet üçin şeýle möhüm infrastruktura taslamalaryň hatarynda – “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.”, “Itochu Corporation” we “Rönesans” kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasynyň gurluşygy şeýle hem “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” “Gap Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalar toparynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda bir million tonnadan gowrak karbamid önümçilik zawodynyň taslamasynyň gurluşygy bar.
Bu topara “Toyo Engineering” we “Rönesans” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça uly göwrümli taslamalary goşmak bolar.
“Ýaşyl geçişe” gönükdirilen energetika meýilnamasy ünsiz galmady. Muňa Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol geçilen ylalaşyk şaýatlyk edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň ikinji gününde jemi 17 resminama gol çekildi. Olaryň 11-si döwlet edaralary bilen kompaniýalarynyň we 6-sy bilim we ynsanperwer ugurlarda gazanylan ylalaşyklara degişlidir.