TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZAGYSTANA, GYRGYZYSTANA WE ÖZBEGISTANA SAPARLARYNY AMALA AŞYRDY
21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi.
Gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Gazagystanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça taslama gatnaşmagy barada pikir alşyldy.
Şeýle-de gazak tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirildi.
23-nji aprel, Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparynyň çäginde Çolpan-Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Sadyr Žaparow bilen gepleşik geçirdi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we sebit başlangyçlary ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sadyr Žaparow iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyndaky ynamly oňyn depgini, şeýle hem ikitaraplaýyn ösüş gaznalaryny döretmek boýunça bar bolan tejribesine laýyklykda Gyrgyz-Türkmen Ösüş Gaznasyny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.
23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistana saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň dowamynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak meselelerine serediler.