Türkmenistanyň Prezidenti halkyny Mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady

Gutlaglarynda: «Mukaddes Oraza baýramy ynsanperwerligi we hoşniýetliligi ündeýän, döwürleriň we halklaryň arabaglanyşygyny, ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelýän dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Bu ajaýyp baýramyň gadymy köklerinde we ýörelgelerinde, many-mazmunynda ynsanyýetiň medeni-ruhy ösüşine ummasyz goşant goşan türkmen halkynyň ynanç-adatlary, däp-dessurlary hem-de köpöwüşginli medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Adamzadyň belent parahatçylyk we ynanyşmak däplerini dabaralandyrýan, dostlugy, özara düşünişmegi berkidýän baýram hökmünde hem Oraza baýramynyň gymmaty barha ýokarlanýar.
Gözbaşyny uzak taryhy geçmişden alyp gaýdýan bu baýramyň şanyna kalbymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan eziz Watanymyzyň ähli şäherdir obalarynda toýlarymyzy uludan tutup, müňýyllyklara uzaýan mukaddesliklerimiziň, hoşniýetlilige ýugrulan milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň döwrebap ösdürilmegini üpjün edýäris.
Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edilen tagat-ybadatlar, okalan tarawa namazlary, berlen agzaçar sadakalary, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň hatyrasyna edilen alkyş-dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!».
Hormatly watandaşlar, Sizi Mukaddes Oraza baýramy bilen gutlaýarys!