Türkmen uçurymy B.Halymowyň ýeňişi barada
29.03.2025 senede Ukrainanyň Kiýew şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “WWFC 24” halkara professional türgenleriň tutluşygy geçirildi. Bu ýaryş WWFC (World Warriors Fighting Championship) ligasynyň täze möwsüminiň bir bölegi hökmünde dowam etdi. Oňa Türkmenistanly, Ukrainaly, Moldowaly we Azerbaýjanly MMA söweşijileri öz başarnyklaryny görkezdiler. Tutluşyk “Kiýewstar” teleýaýlymynda göni efirde berildi.
Agzalan tutluşyga Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginde doglan, Ukrainanyň Milli tehniki uniwersitetiniň “Harkow politehniki institutynyň” uçurymy Babageldi Halymow hem 83,9 kg agramda gatnaşyp, garşydaşy Ýakow Anufriýewi 1-nji döwde agyrdyjy emel bilen wagtyndan öň ýeňmegi başardy.
Tehniki we çydamly türgen B.Halymow MMA ýaryşlarynda, we jiu-jitsu çempionatlarynda üstünlikli bäsleşip gelýär.
Bellemeli ýeri, B.Halymow 01.03.2025 ý. geçirilen MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “FCFC Fight night 7” halkara professional türgenleriň tutluşyga hem 83,9 kg agramda gatnaşyp, garşydaşy Ýewgen Droboty 1-nji döwde agyrdyjy emel bilen wagtyndan öň ýeňmegi başardy.
B.Halymow bu gezekki geçen tutluşygynda hem Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, ýeňijileriň yglan ediliş dabarasynda egnine Milli ýaşyl tugumyzy alyp we milli türkmen silkme telpegini geýip gatnaşdy.