“TÜRKMENISTAN” AWIAKOMPANIÝASY AŞGABATDAN SEULA HOWA GATNAWYNY ÝOLA GOÝDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat Halkara howa menzilinden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula täze açylan ugur boýunça ilkinji göni uçuş amala aşyryldy. Uçuşy ýurduň “Türkmenistan” milli awiakompaniýasy amala aşyrdy.
Uzynlygy 5 842 kilometr bolan uçuş takmynan 7 sagat 30 minut dowam etdi. Ilkinji uçuşa 365 ýolagçy gatnaşdy. Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrlar.
Täze ugur talyplar, iş saparlary hem-de syýahatçylyk maksatly saparlar üçin has amatly we çeýe logistiki mümkinçilikleri döreder.
Göni howa gatnawynyň açylmagy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda howa ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şeýle hem milli awiakompaniýanyň halkara ugry boýunça uçuş ulgamyny giňeltmegine gönükdirilendir.