TÜRKMENISTANDA ÝURT BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝUBILEÝ MEDALY DÖREDILER

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gurbanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyrygy esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Kanunda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ýurduň syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine uly goşant goşan raýatlaryň bu medal bilen sylaglanmagy göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigi bellenildi.