«NEUTRALITY.GOV.TM» RESMI WEB SAHYPASYNY IŞE GIRIZDI

photo

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi «neutrality.gov.tm» resmi web sahypasyny işe girizdi. Web sapyha Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Halkara harahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bellenilýän ýylynda döredildi.

Bu sahypa okyjylary üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz tarapyndan gurnalan çäreler barada jikme-jik maglumat berýär.

Web sahypa, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky möhüm ugurlar, bitaraplygyň taryhy, halkara başlangyçlary we sebitdäki parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde ýurdumyzyň goşandy barada maglumatlary öz içine alýar.

Sahypa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleri öz içine alýan platforma öwrüler we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýaýbaňlandylymagyna goşant goşar.