ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

img
img
img
img
img
img

27.03.2025 ý. paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar. 

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunda howanyň üýtgemegi, üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, energetika, ylym-bilim, sebit howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly ugurlara uly orun degişlidir. 

Şeýle hem 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyldy. 

“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şol sanda dürli derejeli duşuşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen forumlaryň guralýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde sanly ulgam, energetika we ekologiýa babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere üns çekildi. 

Duşuşygyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” atly çäre hem guraldy.