RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SAMARKANTDA HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly...

DOWAMY
pic
10 Noý

НАУЧНО-МЕТОДИЧЕСКИЙ ЦЕНТР ПО ЦУР ПРОВОДИТ СЕМИНАР ПО РЕАЛИЗАЦИИ ЦЕЛЕЙ УСТОЙЧИВОГО РАЗВИТИЯ

В Научно-методическом центре по Целям устойчивого развития (ЦУР), открытом недавно в Институте международных отношений МИД Туркменистана, организован первый тренинг, объединивший представителей политических партий: демократической, аграрной, промышленников и предпринимателей. В составе преподавателей Центра – эксперты ООН, ПРООН, Фонда ООН в области народонаселения, а также специалисты ряда министерств, правовых институтов, высших учебных заведений и других образовательных структур нашей стра...

DOWAMY
pic
8 Noý

MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝADA SEBITLEÝIN ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA MAKSATLAÝYN TOPARYŇ (RECA) MASLAHATY

2017-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, US...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI KANUNLARYŇ WE KADALAŞDYRYJY-HUKUK NAMALARYNYŇ BIRNÄÇESINI KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakyndaky” Kanunlarynyň, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş...

DOWAMY
pic
2 Noý

TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTLIGINE SAÝLANDY

ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän Baş edarasynda guramanyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy mejlisi öz işine başlady. 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 202-nji sessiýasyndaky №202 EX/27 Part III bellikli çözgüde görä Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş Konferensiýasynyň (ÝUNESKO) başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki özgertmeleriniň esasy, möhüm we zerur şerti bolup durýan işj...

DOWAMY
pic
1 Noý

AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...

DOWAMY
pic
26 Okt

PANAMA HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNA GOL ÇEKDI

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Panamanyň Belgiýa Patyşalygyndaky, Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky we Panamanyň Ýewropa Bileleşiginiň Missiýasyndaky Ilçisi Onuň Alyhezreti Dario Ernesto Çiru Oçoa Sekretariatda Baş Sekretar Urban Rusnagyň we Energetika Hartiýasyna ýolbaşçylyk edýän ýurda wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisiniň gatnaşmagynda  Halkara Energetika Hartiýasynyň 2015-nji ýyldaky Düzgünnamasyna  gol çekdi.                          Halkar...

DOWAMY