RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINE SERETDILER

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa bileleşiginiň Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça Ýewropa gullugynyň daşary syýasat işi boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy. ÝB-niň institutlary we döwletleri bilen h...

DOWAMY
pic
5 Dek

MOSKWADA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ ÝEDINJI MASLAHATY BOLUP GEÇDI

2017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyndan gelip çykýan meseleleri, şeýle hem ykdysadyýeti, ulagy, brakonýerçilik bilen göreş...

DOWAMY
pic
29 Noý

DURNUKLY ENERGETIKA ÖSÜŞINIŇ MESELELERI – ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...

DOWAMY
pic
28 Noý

HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN TELEGEPLEŞIK

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak bilen telegepleşik ýazgy edildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar, hem-de Türkm...

DOWAMY
pic
14 Noý

BEÝIK BRITANIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň “University College of London” ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa Institutynda Merkezi Aziýa siwilizasiýalaryny we Ýüpek ýolyny öwrenijiler assosiasiaýasy hem-de agzalan ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa fakulteti bilen bilelikde geçirilen “Merkezi Aziýa güni” atly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we...

DOWAMY
pic
13 Noý

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞ WE SUW SERIŞDELERINI DOLANDYRMAK MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri bilen işleşýän Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini...

DOWAMY
pic
13 Noý

PRESS-RELIZ

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...

DOWAMY