img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA TÄZE ONKOLOGIÝA MERKEZLERI WE HASSAHANALAR GURLAR

photo

Türkmenistanda täze onkologiýa merkezlerini we köpugurly hassahanalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde köpugurly hassahanasyny, şeýle hem Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki we Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmagyň meýilleşdirilýändigini belledi. “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr”, diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, Büzmeýin etrabyndaky saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda welaýatlarda 50 sany saglyk öýleriniň we saglyk merkezleriniň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, bu taslamalar türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Şeýle hem täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak arkaly pudagyň işi has-da kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, dünýä meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa “Arçman” şypahanasynyň goşmaça bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.