Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.
Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular.
Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldiler.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda olaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi açyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli gutlady.
Bellenilişi ýaly, bu foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu forumyň geçirilmeginiň dünýä syýasatynda kadalary, gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidigini belledi.
Bellenilişi ýaly, parahatçylygyň we ynanyşmagyň konseptual kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda öz beýanyny tapdy, şu ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.
Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly örän möhüm taryhy ýubileýe — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgütlerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen syýasy-hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk halkara giňişlikde biziň ähli ädimlerimizi, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ägirt uly netijelerini kesgitleýär.
Bitaraplyk Türkmenistanyň şu ýyl dünýäde 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri aýdyň görünýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr.
Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.
Prezident Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, mundan 30 ýyl ozal, 12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan berkiden Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Baştutany bu şanly waka bilen Türkmenistanyň Prezidentini, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagynyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitländigini aýdyp, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan, abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjekdigini belläp, bu işde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow many-mazmunly çykyşy üçin russiýaly kärdeşine çuňňur minnetdarlyk bildirip, çykyşda häzirki döwürde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhümdiginiň beýan edilendigini aýtdy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.
Türkiýäniň Prezidenti hormatly Prezidentimizi, döwlet we hökümet Baştutanlaryny, foruma gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, ata Watany hasaplaýan türkmen topragynda ýene-de bir gezek bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize bu şanly günde halkara forumyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär.
Türk we türkmen halklary bir kökden gaýdýan iki doganlyk halklardyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe onuň hemişelik Bitaraplygyny goldanlaryň hem ilkinjileriniň hataryndadyr.
Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldamak bilen, ähli ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürýär, raýdaşlygy pugtalandyrýar. Biz maýa goýum, söwda, energetika we beýleki ulgamlardaky tagallalarymyzyň üstüni berk ynsanperwer gatnaşyklar bilen ýetirýäris diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi we Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkiýäniň Prezidenti çykyşynda halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri barada-da durup geçdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany we Türkiýe Respublikasyny taryhy kökleriň umumylygynyň, medeniýetleriniň ýakynlygynyň, köpýyllyk doganlyk gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň çykyşynda halkara gatnaşyklary durnuklylaşdyrmak üçin esas bolup durýan parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak meseleleriniň giňişleýin beýan edilendigini aýtdy hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dialogy goldaýandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.
Prezident Masud Pezeşkian forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny görkezýän wajyp başlangyçdyr.
Şeýle-de ol parahatçylygyň we ösüşiň diňe deňhukukly dialog, hyzmatdaşlyk, halkara hukuga hormat goýmak arkaly mümkindigini belläp, bu forumyň umumy maksatlary ilerletmek, sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow baý mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Masud Pezeşkianyň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň derejesini ýokarlandyrmaga degişli möhüm meseleleri gozgandygyny belledi. Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär - diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, şu gün Türkmenistanda taryhy senäniň — hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejede abraý getirdi. Ol ýurduň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Bu ýokary derejeli duşuşykda beýan ediljek garaýyşlardyr teklipleriň XXI asyrda bitaraplygyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýaryn diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Kasym-Žomart Tokaýew bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren taryhy hyzmatlaryna ünsi çekip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň dünýä giňişliginde halkara ähmiýetli möhüm teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde ykrar edilendigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak, adamkärçilik ýaly esasy gymmatlyklar türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynda aýdyň ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Gazagystan bu möhüm Kararnamany goldady. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak biziň daşary syýasat strategiýamyzyň esasy binýadydyr. Biz parahatçylykly, deňagramly diplomatiýany alyp barýarys, netijeli dialoga ymtylýarys, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşy üçin gazak Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Gazagystany ynanyşmaga we parahatçylykly ýaşaşmak ýörelgelerine eýermek däplerine esaslanýan köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň abraýly halkara, sebit guramalarynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny, munuň iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini belledi.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallygyny beýan edip, parahatçylygy, özara ynanyşmagy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Ol 30 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň bu ýagdaýy halkara hukuk taýdan tassyklanan üýtgewsiz ýörelge hökmünde görkezendigini we parahatçylygy, ösüşi pugtalandyrýan döwlet hökmünde ýurduň taryhynyň täze tapgyryna ýol açandygyny aýtdy.
Geçen ýyllarda Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogrudygyny we strategik ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi, ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy - diýip, Prezident Sadyr Žaparow sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň sebitleýin meseleleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gyrgyz Respublikasy bu başlangyja ýokary baha berdi we onuň işjeň tarapdary bolup çykyş etdi.
Şeýle-de Prezident Sadyr Žaparow şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belledi.
Belent mertebeli myhman belledi hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow baý mazmunly çykyşy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden garaýyşlarynyň sebitde özara düşünişmegi berkitmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösdürilýär hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de umumy parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetine we Birleşen Milletler Guramasyna şu günki möhüm çäräniň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk döredijilikli diplomatiýa berk ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklarda netijeli orun eýeläp biljekdigini görkezdi.
Dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmak we durmuş-ykdysady kynçylyklaryň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligiň utgaşykly çäreleri görmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ekologik meseleler bilelikdäki tagallalary talap edýär. Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlar bilen bu işe hemişe öz goşandyny goşýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüni jemledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşy hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan hoşniýetli sözleri üçin dostlukly ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýändigini hem-de onuň köpýyllyk ynanyşmaga, dostluga daýanýandygyny aýtdy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.
Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň başynda forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, bu möhüm sene Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygynyň güwäsidir.
Prezident Şawkat Mirziýoýew forumyň parahatçylyk döredijilik işini ilerletmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýetini berkitmek üçin möhüm syýasy platforma bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk filosofiýasyny işläp düzmekde we wajyp başlangyçlary durmuşa geçirmekde eýeleýän uly ornuny belläp, bu syýasy-diplomatik ýörelgeleriň häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işini we onuň sebitde durnuklylygy üpjün etmäge goşandyny mysal getirdi.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategik garaýyşlary, daşary syýasy çemeleşmeleri ýakyndyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjyny goldaýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.
Çykyşda Türkmenistanyň energetika we suw diplomatiýasy, durnukly ulag baglanyşygy, sebit hyzmatdaşlygy boýunça halkara başlangyçlaryň ählumumy abadançylygy üpjün etmekdäki orny bellenildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy abadançylygyň esasy bolup durýandygyny aýdyp, bu gymmatlyklary pugtalandyrmagyň halkara bileleşigiň ileri tutulýan wezipesi bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň işe mundan beýläk-de öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilip, iki halkyň durnukly ösüşine, abadançylygyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi.
Ol bu möhüm çäräni guraýandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasy gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek, döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek üçin möhüm binýady döredýär.
Döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşmagyň döredilmegi parahatçylygy durnukly ýagdaýda saklaýan binýatdyr diýip, Prezident Waagn Haçaturýan nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Prezident Waagn Haçaturýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerinde dowam etdirilýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide söz berdi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, Yrak Respublikasynyň dialogy, özara düşünişmegi sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde görýändigini aýtdy.
Häzirki döwrüň ykdysady, ekologiýa meseleleri raýdaşlyk, ynanyşmak we umumy jogapkärçilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy talap edýär. Mynasyp durmuş hem-de abadançylyk biziň halklarymyzyň maksadydyr diýip, Prezident Abdul Latif Raşid aýtdy we bu forumy gurandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşy üçin Yrak Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, onuň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we dialogy ösdürmäge degişli möhüm meseleler barada durup geçendigini aýtdy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa söz berdi.
Karlos Manuel Wila Nowa çykyşynda sebitleýin durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň, açyk dialogyň ähmiýetini belläp, olaryň döwletiň gülläp ösmegine mümkinçilik berýän esasy sütünlerdigini aýtdy. Şunda bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy üpjün etmekde we dostlukly gatnaşyklary ilerletmekde ähmiýetine üns çekildi.
Ol bitaraplygyň parahatçylygyň arhitekturasyny emele getirýändigini, onuň döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ynsanperwer başlangyçlary ösdürmäge, häzirki döwrüň meselelerine deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmäge ruhlandyrýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti many-mazmunly çykyşy üçin Prezident Karlos Manuel Wila Nowa minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň ählumumy giňişlikde parahatçylykly ýaşaşmak we netijeli dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär.
Soňra Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarife söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Bu bolsa halkara bileleşigiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.
Pakistanyň Premýer-ministri şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýändigini, bu senäniň aýratyn ähmiýetlidigini, çünki BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýtdy hem-de ynanyşmagyň halkara durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy binýady hasaplanýandygyny belledi.
Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli myhman ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara dialog ugrunda öňe sürýän başlangyçlary dünýä derejesinde giň ykrarnama eýe bolýar. Awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan ýurt hökmünde çykyş edýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bu forumyň geljek üçin parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygy tassyklamak üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen özara düşünişmäge, umumy maksatlara esaslanan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Hut şeýle çemeleşme iki halkyň gülläp ösmeginiň bähbidine geljegi uly taslamalar üçin berk esasy döredýändigine ünsi çekdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä söz berdi. Ol halkara maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara jemgyýetçiligi parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýaly ýörelgelere çagyrýan möhüm senedigini belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetine sebitleýin hem-de ählumumy derejede dialogy, hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häzirki wagtda adamzadyň öňünde durýan möhüm meseleleriň, şol sanda gapma-garşylyklaryň, howanyň üýtgemegi ýaly wehimleriň çözülmeginde parahatçylyk hem-de ynanyşmak möhümdir diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri belledi hem-de şu babatda bu forumyň ähmiýetini nygtady.
Gruziýa halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge doly ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Irakliý Kobahidze gruzin tarapynyň durnukly geljegiň diňe ýakyn dialoga, yzygiderli tagallalara we umumy maksatlara esaslanýandygyna ynanýandygyny belledi.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow onuň çykyşynda sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga hem-de halkara dialogyň ýörelgelerini ilerletmäge degişli möhüm garaýyşlaryň bellenilendigini aýtdy.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowa söz berildi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Azerbaýjan Türkmenistanyň BMG-de öňe süren başlangyçlaryny yzygiderli goldady we 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş etdi.
Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe boldy. Şu ýylyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açan özara saparlar hem munuň aýdyň mysalydyr diýip, Premýer-ministr sözüni dowam etdi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek, köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm platforma öwrülen Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady, ulag, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fizuli şäheriniň ýaşaýjylarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şäherde metjit gurmak baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk hatyny iberendiklerini buýsanç bilen ýatlady.
Türkmenistanyň Prezidenti giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň sebit hyzmatdaşlygy boýunça belläp geçen ugurlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi ilerletmek üçin möhüm esas bolup durýandygyny aýtdy.
Soňra çykyş etmek üçin Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlaminä söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy foruma ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagyň Eswatini Patyşalygy üçin uly hormatdygyny belläp, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Premýer-ministr Rassel Dlamini ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini, munuň Türkmenistanyň belent halkara abraýyny şertlendirýändigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Eswatini Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyga, ýurduň özara dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So söz berdi. Ol bildirilen myhmansöýerlik üçin Mýanmanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, diplomatiýany ösdürmek boýunça yzygiderli tagallalary ýokary baha mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Nýo So forumyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň parahatçylyk we Bitaraplyk ýörelgeleriniň ählumumy tagallalary mundan beýläk-de ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň Premýer-ministrine çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň halkara hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň ugurlary babatda beýan eden garaýyşlarynyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin gymmatly bolup durýandygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlarynyň, teklipdir garaýyşlarynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp baryljak geljekki işler üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
***
Arakesmeden soňra, plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz ilki ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde resmi surata düşdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini, bu wajyp senäniň Garaşsyz türkmen döwleti üçin ähmiýetli wakadygyny we hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara forumda mübärekledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu möhüm syýasy çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistana goýulýan hormatyň hem-de ynamyň, ýurdumyzyň halkara syýasatdaky oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara, howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr.
Türkmenistan häzirki wagtdaky dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýar.
Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin jogapkärdiris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasyny göz öňünde tutýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk esaslarynyň, anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar. Bu ýörelgelere eýermek parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmek, adaty diplomatiýadan başga-da, gepleşikleri geçirmegiň parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny, zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýär.
Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit gatnaşyklarynyň, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hem-de onuň bilen serhetdeş ýurtlaryň we sebitleriň — biziň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine netijeli, durnuklylaşdyryjy täsiri şübhesizdir.
Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki maksatlaryny, şol sanda öňüni alyş diplomatiýasy, işjeň parahatçylyk dörediji, araçyllyk işleri ýaly gurallary ulanmak arkaly olara ýetilmegini kesgitleýär.
Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy däldigini nygtamak isleýärin. Bitaraplyk biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydyr.
Türkmenistan gün tertibiniň ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn meselelere ähli çemeleşmelerini, başlangyçlaryny hem-de hereketlerini öz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen berk baglanyşdyrýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Tatýana Walowaýa pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny şanly sene bilen gutlady. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň goldawy bilen Ženewada parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgesiniň aýratyn ähmiýetini, esasan-da, dialogyň we ynanyşmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibi, şol bir wagtyň özünde düşünişmezlikleriň esasy sebäplerini çözmäge, parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen “Ýol kartasydyr”.
Türkmenistanyň geografik ýerleşişi, daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygy onuň Aziýa bilen Ýakyn Gündogary we beýleki sebitleri birleşdirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylyk köprüleriniň binýadyny berkidýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri manyly çykyşy üçin Tatýana Walowaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, parahatçylykly dialog medeniýetini goldamaga, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigini aýtdy.
Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä söz berildi.
Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge ygrarlydygyny, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşýan mynasyp goşandyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasy, şol sanda Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň döwletleriniň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegi we beýleki wehimlere garşy bilelikde hereket etmek üçin möhüm platformany döretdi.
Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň jemleri esasynda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy Türkmenistanda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezdi.
Kaha Imnadze şu günki forumda Türkmenistanyň Prezidentiniň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň, şol sanda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky teklibiniň ähmiýetini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Kaha Imnadzä minnetdarlyk bildirip, çykyşda beýan edilen meseleleriň häzirki döwürde örän uly ähmiýete eýedigini belledi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geljekde hem sebitimizde, onuň bilen serhetdeş çäklerde ýerleşýän ýurtlaryň parahatçylykly başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän halkara forumda ÝHHG-ä wekilçilik etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Şeýle hem ol Merkezi Aziýa sebitine ilkinji saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Bu forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga degişli möhüm meseleler boýunça halkara dialogy işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny görkezýär.
ÝHHG Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny giňden goldaýar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde guramanyň Aşgabatdaky merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çuň manyly çykyşy üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda howpsuzlyk, ösüş, ynsanperwer ugurlary birleşdirýän dialogyň netijeli guraly hökmünde ÝHHG-niň wajyp ornunyň bellenilýändigini aýtdy.
Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana söz berildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm halkara foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Şeýle hem bu gün biz BMG-niň Kararnamasy bilen 2017-nji ýylyň fewralynda esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk gününi belleýäris. Şu babatda bu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk nusgasy döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we içerki işlerine goşulyşmazlyk, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy hoşmeýilli erki we netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde özara baglanyşygyň ähmiýetiniň beýan edilendigini belledi.
Soňra söz nobaty BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçana geçirildi.
Ol bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.
SPECA maksatnamasy durnukly ulag ulgamyny döretmegi, söwdany ösdürmegi 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmagyň möhüm bölegi hasaplaýar. Olar tehniki ugurlardygyna garamazdan, parahatçylygy döretmek, sebitiň wajyp meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw üpjünçiligi, tehnologiýanyň gazanylanlary babatda özara tejribe alyşmak üçin binýady emele getirýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýewropa ykdysady komissiýasynyň degişli ugurlarda sebit döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Tatýana Molçanyň durnukly ösüşiň, ozaly bilen, hereketleriň we çemeleşmeleriň sazlaşygy baradaky garaýyşlarynyň ähmiýetini belledi.
Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana söz berildi.
Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde şu forumyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan şeýle iri forumy kabul etmek bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolandygy aýdyldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Bitaraplygyň dostlugy, özara ynanyşmagy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gurala öwrülendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Aziýa – Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, sanlylaşdyrma, häzirki zaman şäherleri hem-de howa durnuklylygy ulgamynda döwrebap çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm ornuny nygtap, bu düzümiň Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň täze ykdysady arhitekturasyny emele getirmekde goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe söz berdi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, bu giň wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýetine üns çekildi. Dünýä bileleşiginiň bu başlangyjy goldamagy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygy nobatdaky gezek tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we dünýä işlerinde eýeleýän ornuna, onuň häzirki zaman dünýä gurluşynyň deňagramly ulgamyny kemala getirmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip, çykyşy üçin Nurlan Ýermekbaýewe minnetdarlyk bildirdi.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary Sýuý Haolýan çykyş edip, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu halkara foruma gatnaşmaga örän şatdygyny aýtdy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda ösüşiň täze tapgyryna çykandygy bellenildi.
Hormatly Arkadagymyz çykyşy üçin Sýuý Haolýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň institusional özgertmeler, sanlylaşdyrmak, durmuş-ykdysady ösüş ulgamlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny nygtady.
Forumda çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa söz berildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilýändigi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Sin Suý ÝUNESKO agza bolan wagtyndan bäri Türkmenistanyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň birnäçesiniň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilendigini belledi. Ol ýakynda bu guramanyň Maddy däl medeni miras boýunça komitetiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini nygtap, şu mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşy üçin Sin Suýa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden ugurlarynyň ynanyşmagy pugtalandyrmaga, parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge hem-de durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi. Ol öňdengörüjilikli syýasaty bilen milli medeni mirasyny dünýäde tanadýan, parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesini täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ýurtda geçirilýän ýokary derejeli halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişlikde uly hormata we ykrarnama eýe bolýar. Salim Al Maligiň sözlerine görä, birek-birege ynam we açyklyk hyzmatdaşlygy berkidýän gymmatlyklardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu gymmatlyklary gorap, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň nusgasy hökmünde çykyş edýär. Ynam parahatçylyga eltýän ýoldur. Onuň bar ýerinde hemişe abadançylyk we gülläp ösüş höküm sürýändir.
Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşy üçin Salim Al Malige minnetdarlyk bildirip, bilim, ylym, medeniýet hem-de mirasy gorap saklamak ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlaryň yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki tapgyrdaky halkara hyzmatdaşlyga giňişleýin seljerme berlendigini, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dünýä bileleşiginiň köpugurly tagallalaryny birleşdirmek babatda onuň ähmiýetiniň nygtalandygyny aýtdy.
Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de dolanuwsyz umumy düşünjäniň — dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri forumy jemläp, Aşgabat forumynyň, onuň emele getiren döredijilikli başlangyçlarynyň geljekki bilelikdäki işlere ýardam etjekdigine, parahatçylygyň we adamzadyň ösüşiniň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan ähli wekiliýetlere foruma gatnaşandyklary, manyly çykyşlary hem-de başlangyçlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze – 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy ýapyk diýip yglan etdi.
Forumda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy.
Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.