ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi
ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde çarşenbe güni Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Benjamin Franklin adyndaky zalda geçirilen çäre Waşingtonda geçirilýän "C5+1" görnüşindäki duşuşygyň çägindäki esasy wakalaryň biri boldy.
Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, Senatyň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jeýms Riş, ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio çykyş etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. ABŞ-nyň resmi wekilleri sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem ykdysady hem-de maýa goýum taslamalaryny goldamaga taýýardyklaryny aýtdylar.
“C5+1” formatynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň möhüm bölegi boldy.
“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.