Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona geldi

img
img
img
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine bardy. 

«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, döwletleriň arasynda ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge, bu ugurlarda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýakyndan ýardam eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny 1992-nji ýylda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýän deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler bilelikdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. ABŞ Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berip, oňa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti, öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde garaýar.

Özara gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm bolup durýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Şeýle-de 2023-nji ýylda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem täze derejelere çykýandygyny alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-a iş sapary dowam edýär.