Balkan elektrik bekedinden Kawkaz ýurtlaryna we Türkiýä elektrik energiýasy iberiler
Awazada geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljegine degişli möhüm strategik meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow öz çykyşynda ýurduň energetika ulgamyny ösdürmek bilen bagly Hazar deňziniň kenarynda täze utgaşdyrylan elektrik bekediniň gurluşygynyň başlandygyny habar berdi.
Hazar deňziň kenarynda gurulýan bu täze desganyň umumy kuwwaty 1574 megawatt bolar. Bu taslama Türkmenistanyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi hasaplanýar.
Täze elektrik bekediniň işe girizilmegi Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň umumy kuwwatlylygyny ep-esli artdyrar. Bu içerki sarp edijileri durnukly we ygtybarly elektrik energiýasy bilen doly üpjün eder, şeýle hem Kawkaz ýurtlaryna we Türkiýä elektrik energeiýasynyň eksportyny artyrmaga giň mümkinçilik berer. Bu bolsa, Türkmenistanyň sebitleýin energetika ulgamyndaky ornuny has-da berkider.
Elektrik bekedi Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän “ýaşyl energiýa” syýasatyna doly laýyk gelýär. Utgaşdyrylan bug-gaz dolanşyk tehnologiýasy elektrik energiýany öndürmegiň netijeliligini artdyrýar. Ilki bilen gaz turbinalary işläp, elektrik energiýasyny öndürýär. Gaz turbinalaryndan çykýan ýylylyk bug turbinalaryna iberilýär we şol ýylylyk easasynda goşmaça elektrik energiýa alynýar.
Netijede, bu tehnologiýa goşmaça elektrik energiýany öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.
Serdar Saparowyň aýtmagyna görä, bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalara we durnukly ösüşiň uzak möhletleýin strategiýasyna ygrarlydygyny görkezýär.