Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi.

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini bellemek bilen, şu ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady.

Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hususan-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň geçiriljekdigi aýdyldy bu halkara foruma we baýramçylyk çärelerine Katar tarapy gatnaşmaga çagyryldy.

Şol güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar energetika, maýa goýum we ulag ugurlary türkmen-katar gatnaşyklarynda geljegi uly ugurlara öwrüljekdigini nygtadylar.

Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşyldy.