Türkmen tennisçileri Türkiýede geçirilýän dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdylar

photo

Türkmen tennisçileri Türkiýäniň Antalýa welaýatynyň üçünji uly şäheri bolan Manawgat şäherinde geçýän dünýä toparlaýyn çempionatynda çärýek finala çykdy. Ildeşlerimiz bu üstünligi çempionlyk ugrunda 12 toparyň bäsleşýän 30 ýaşdan ulularyň toparynda gazandylar.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň adyndan ýurdumyzyň iň ezber tennisçisi Ýuriý Rogusskiý, Türkmenistanyň 2024-nji ýylda geçen Kubogynyň bürünç medalyny alan Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynda Deýwis Kubogyna mynasyp bolan, ýurdumyzyň öňki iň ezber tennisçileri Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy oýnaýar. Toparymyzyň kapitanynyň wezipesini ýurdumyzyň erkekler ýygyndy toparynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi, Türkmenistanda dünýäniň islendik ýurdunda hünäri oýunçylar bilen işleşmäge ejaza berýän «PRO level» şahadatnamasyny alan ýeke-täk adam Mirali Gasanow ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň topary abraýly «ITF Master’s World Team Championship» dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýar. Şonuň üçin-de onuň ilkinji synanyşygyndan dünýäniň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girmek bilen, bu üstünligi türkmen tennisiniň taryhyna ýazmagy gaty begendirijidir.

Çärýek finalda türkmen tennisçileri Hindistanyň topary bilen oýnar. Ýarym finala çykmak ugrundaky beýleki oýunlarda: Argentina – Şwesiýa, Germaniýa – Türkiýe, ABŞ – Beýik Britaniýa bäsleşer.