Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

12-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilendigini bellediler. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýändigi nygtaldy.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde bellendi diýip.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň möhüm ugurlarda birnäçe bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Olaryň arasynda ylym we bilim, ekologiýa, energetika ulgamlaryny we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmeklik bar.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar – diýip, duşugyň dowamynda bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça ýurduň alyp barýan işlerini nygtady.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutany portuň kuwwatynyň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini belledi hem-de Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly baglanyşyga öwrüljekdigine ynam bildirildi.