MADDY DÄL MEDENI MIRASYŇ HALKARA GÜNI

photo

Her ýyl, 17-nji oktýabrda ÝUNESKO agza döwletler 2023-nji ýylda döredilen Maddy däl medeni mirasyň halkara gününi belleýärler.

Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny gorap saklamaklyga we wagyz etmeklige biziň ýurdumyzda aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy we 2011-nji ýylda “Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda” ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşuldy, hem-de şondan bäri onuň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikde giň gerimli işler, esasan hem taryhy we ruhy mirasy gorap saklamak boýunça işler durmuşa geçirýär.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen sungatyň köp görnüşleri we türkmen halkynyň özboluşly däpleri nesilden-nesle geçip gelýär. Olaryň arasynda – “Görogly” dessançylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, häzirki wagtda ähliumumy medeni miras hasaplanýan “Nowruz” baýramyny bellemek däbi bar.

“Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungatyny” Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Milli medeniýetimiziň ösmegi we baýlaşdyrylmagy we türkmen halkynyň baý mirasynyň giňden ýaýramagy üçin uly mümkinçilikler döredýän Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde türkmen halky taryhyny we milletiň medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek üçin ähliumumy medeniýetiň ösmegine goşant goşmagyny dowam etdirýär.