img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AŞGABATDA “AGRO PACK TURKMENISTAN — 2026” ATLY HALKARA SERGI GEÇIRILÝÄR

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergisi geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti bu halkara serginiň oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda netijeli çözgütler bilen ýakyndan tanyşmak hem-de tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.

Bu iri çäre oba hojalygynda we azyk senagatynda gazanylan öňdebaryjy tejribeleri hem-de innowasion çözgütleri bir ýere jemleýär.

Sergide ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini, häzirki zaman enjamlaryny we hyzmatlaryny giňden tanyşdyrýarlar. Azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary, logistika we degişli ugurlarda täze mümkinçilikler görkezilýär.

“Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi sebitde oba hojalygy we azyk senagaty pudaklary üçin iň iri meýdançalaryň biri bolup, pudagy ösdürmekde, öndürijiligi ýokarlandyrmakda we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm orun eýelär.

“Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergi 14-nji maýa çenli dowam eder.