TÜRKMENISTAN WE UKRAINA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 33 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR

photo

Türkmenistan we Ukraina şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygyny belleýär. 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda biziň ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Teswirnama, dostluk we hyzmatdaşlyk Şertnamasyna we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we çäreleri utgaşdyrmak Teswirnamasyna gol çekmek arkaly hoşniýetlilik syýasatyna we ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýlelikde, 1995-nji ýylda Kiýewdäki we Aşgabatdaky Ilçihanalar işe başlady.

Ukraina Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldaýan ilkinji ýurtlaryň biri bolup, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Durnukly we ygtybarly hyzmatdaşlyk halkara guramalarynyň çäklerinde, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-bilim ugurlarynda dowam etdirilýär.

Biziň ýurtlarymyz söwda hyzmatdaşlygynyň depginini saklamaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýärler.

Ukrain şereketleri biziň ýurdumyzda üstünlikli işleýärler we Türkmenistanda döwlet ähmiýetli iri göwrümli infrastruktura taslamalarynyň we çylşyrymly inžener-aragatnaşyk desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmagyny dowam etdirýärler. Mysal üçin, şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhet ýolunyň ugrundaky Garabogaz aýlagynyň üstünden awtoulag köprüsiniň açylmagy meýilleşdirilýär. Bu köpriniň gurluşyk we gurnama işleri Ukrainanyň “Altkom” şereketine ynanyldygyny bellemek bolar.