OGUZ HAN ADYNDAKY «TÜRKMENFILM» BIRLEŞIGINIŇ WEKILIÝETI «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR

img
img
img
img

1-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangistau welaýatynda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan hem-de Gazagystandan gelen kino sungatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri gyzyl halydan geçdiler.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýetine öňdebaryjy kino hünärmenleri – režissýorlar, aktýorlar, filmleriň edebi esasyny ýazyjylar we operatorlar girýär. Festiwalyň çäklerinde türkmen kinematografiýasynyň täze eserleri görkeziler. Olaryň arasynda Batyr Batyrowyň «Kämillige ýol 2: Erjellik», Hekim Alowowyň «Kitap», Maksat Gylyjowyň «Ismim düşdi ilden-ile» atly çeper filmleri, şeýle-de Sahragül Janmämmedowanyň «...Senet däldir, ol sungatdyr» atly dokumental filmi bar.

Mundan başga-da, festiwalyň myhmanlary we gatnaşyjylary Wepa Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly çeper filmini hem-de režissýor Zülfiýa Kadyrowanyň «Ynsan syrdaşy» atly döredijilik işini görüp bilerler.

Çeper film bäsleşiginiň emin agzalarynyň hataryna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik meseleleri boýunça başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow girýär. Dokumental filmlere bolsa Döwletgeldi Hudaýberdiýew baha berer. Emin agzalary jemleýji netijeleri çykaryp, ýeňijileri aşakdaky derejeler boýunça kesgitlär: «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy edebi esasy», «Iň gowy aktrisа» we «Iň gowy aktýor». Şeýle-de, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki medeniýetine goşan goşandy üçin» diýen ýörite baýrak gowşurylar.

Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna halkara TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, TDPJ-ň «Milli kinony goldamak boýunça döwlet merkezi» müdiriýetiniň başlygy Kurmanbek Žumagali hem-de meşhur türk aktýory Burak Özçiwit gatnaşdylar.

Türki halklaryň «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly – hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, kinematografiýany ösdürmäge we dünýä jemgyýetini türki halklaryň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen möhüm medeni çäredir. Festiwal sebitdäki ýurtlary kino we medeni alyş-çalyş arkaly birleşdirýär. Şular ýaly abraýly çäreler Stambulda, Bursa şäherinde, Şuşada we Aşgabatda hem geçirildi.