img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA HALKARA ATLY SPORT BÄSLEŞIKLERI BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK DÖWLET TOPARY DÖREDILDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine taýýarlygy üpjün etmek maksady bilen, bu bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli atçylyk mirasyny halkara derejede ilerletmek ugrunda birnäçe möhüm ädimleri amala aşyrdy. 2024-nji ýylda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşikleri, atly sport ýaryşlary we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Şu ýylyň maý aýynda Özbegistanda geçirilen “Gündogaryň merjeni” atly halkara atly sport we gözellik bäsleşiginde hem türkmen atşynaslary üstünlikli çykyş etdiler.