TÜRKMENISTAN BILEN AÖB BILELIKDÄKI TASLAMALARY DURMUŞA GEÇIRMEGI MASLAHATLAŞDY

photo

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi we AÖB-yň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.