27-NJI SENTÝABRDA TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR

Taryhy geçmişi müňýyllyklara uzaýan türkmen halky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny belleýär.
Ýurdumyzyň garaşsyzlygy ähli ugurlarda üstünlikli döwlet gurmak we halky üçin has gowy geljegi döretmek üçin esasdyr we berk binýatdyr.
Türkmenistan syýasy, ykdysady, peýdaly baýlyklary we adam mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, jemgyýetçilik-ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek üçin yzygiderli öňe gitmegini dowam etdirýär.
Ýurdumyz halkara platformalarynda, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly agzasy, ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde öz ornuny berkitdi. BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyz halkara jemgyýetçiliginiň goldawyny alyp, bütin adamzadyň bähbidi üçin başlangyçlary işjeň durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň raýatlary esasy milli baýramyny ýurduň ähli welaýatlarynda we daşary ýurtlarda agzybirlik, abadanlyk, birek-birege hormat goýmak we parahatçylyk bilen belleýärler, hem-de bu gün özlerini Watany bilen üznüksiz baglanyşykda duýýarlar.
Gadyrly watandaşlar! Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýarys. Size abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýäris!