TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEDEW BAÝRAMY MYNASYBETLI BÄSLEŞIKLERI GEÇIRMEK HAKYNDA BUÝRUGA GOL ÇEKDI
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has hem belende galdyrmak maksady bilen, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Aşgabat şäherinde 25-nji aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.