img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLAR GEÇIRILDI

img
img
img
img

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy martda sagat 7:00-da Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça ses bermek saýlaw uçastoklarynyň 578-siniň hemmesinde başlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Tükmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,14 göterimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 92,26 göterimi,  welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,47 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,6 göterimi we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,20 göterimi ses berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip yglan edildi.