TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

29.09.2025 senede Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aleksandr Mişşenko bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyga, şeýle hem iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläkki gatnaşyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, syýasy geňeşmeler baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly derejesine ýokary baha berdiler we söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, Ukrainadaky türkmen şereketlerine we biziň ýurdumyzda üstünlikli işleýän hem-de türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän ukrain kompaniýalaryna mundan beýläk-de goldaw bermäge uly gyzyklanma bildirdi.
Aleksandr Mişşenko Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna salgylandyrylan, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň adyndan gutlag hatyny gowşurdy. Öz gezeginde dostlukly ýurdunyň gülläp ösmegini arzuw edýändigini aýtdy.
Duşuşygyň soňunda, gatnaşyjylar dürli ugurlarda özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurdygyna ynam bildirdiler.