TÜRKMENISTANLY AGYR ATLETIKAÇYLAR ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDAKY DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA MEDAL GAZANDYLAR

photo

Ildeşlerimiz Perunyň paýtagty Limada geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dürli öwüşginli medallara mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda 87 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Anamjan Rustemowa umumylykda 249 kilogram (birbada 108 kg + itekläp 141 kg) netije bilen altyn medala mynasyp boldy.

55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ogulşat Amanowa itekläp götermekde bürünç medal gazandy. 16 türgeniň arasynda çykyş eden O.Amanowa 101 kilogram agyrlygy götermegiň hötdesinden geldi.

Oglanlaryň arasynda Kakamyrat Annamyradow kümüş medal gazandy. 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden K.Annamyradow agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 290 kilogram netije görkezdi (birbada 130 kg + itekläp 160 kg).

Didarbek Jumabaýew 81 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Ol agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 305 kilogram netije görkezdi (birbada 137 kg + itekläp168 kg).

Yslam Akmyradow hem ýaryşyň kümüş medalyny gazandy. Ol 96 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, birbada götermekde 141, itekläp götermekde 175 we iki görnüşiň jemi boýunça 316 kilogram netije görkezdi.