img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ukrainadaky türkmen ýaşlarynyň saglyk hepdeligi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan saglyk meselelerine, ýaşaýyşyň hilini ýokarlandyrylmagyna we keselleriň öňüni almagyň möhümdigine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen döredilen Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.

Bu halkara gün mynasybetli şu ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, Ukrainadaky türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň ösüşine hemmetaraplaýyn goldaw bermek maksady bilen “Saglyk hepdeliginiň” çäklerinde saglyk we sport çäreleriniň tapgyryny dowam etdirdi.

Bu çäreler paýtagtyň meşhur syýahatçylyk ugry boýunça irdenki ylgaw bilen başlanyp, ol şäheriň taryhy ýerlerini birleşdirýän we panorama görnüşleri bilen meşhur bolan döwrebap binagärlik usulynda gurulan “Aýna köprüsinden” başlandy. Ylgaw köprüden “Ukrain halkynyň azatlyk binasyna” tarap uzalyp gidýän ajaýyp pyýada zolagy bolan Suratkeşler seýilgähi boýunça dowam etdi.

Çäräniň bu sapar täze ýerde geçirilmegi ýaşlaryň işjeň durmuş ýörelgesine, medeni mirasa hormat goýmaga we häzirki zaman şäher gurşawyna goşulyşmaga ygrarlydygyny görkezdi.

Gatnaşyjylar ýokary derejeli çydamlylyk görkezdiler we marafondan soň, dürli agramlykdaky daşlary göterip, el göreşi (armwresliň) boýunça dostlukly ýaryşlaryny Ilçihananyň binasynda dowam etdirdiler, hem-de güýjüni, çydamlylygyny we erjelligini görkezdiler. Ýaşlar intellektual bäsleşiklere – Ilçihanada guralan küşt we şaşka ýaryşyna üns berdiler. Gatnaşyjylar strategik pikirleniş, çydamlylyk we üns beriş ukybyny görkezdiler, fiziki işjeňlik bilen birlikde intellektual ösüşiň möhümdigini nygtadylar.

Ýeňijiler aýratyn ugurlarda kesgitlense-de, ähli bäsleşikler dostlukly äheňde geçdi we çäreleriň esasy netijesi topar ruhunyň we öz-özüni kämilleşdirmek isleginiň güýçlenmegi boldy. Gatnaşyjylar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen dowam edýän ýylyň şygarynda beýan edilen gymmatlyklaryň - tutanýerliligiň, öňe hereketiň we kämillige ymtylmagyň sportda we intellektual bäsleşiklerde ýaşlary umumy maksatlara birleşdirýändigini bellediler.

Diplomatlar Türkmenistanyň BSGG we BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitleýin we global derejede saglyk diplomatiýasyny işjeň ösdürýändigini nygtadylar. Diýarymyz köp ýyllaryň dowamynda dürli keselleriň öňüni almak we olaryň döremegine sebäp bolýan töwekgelçilik faktorlaryna garşy göreşmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde temmäkä garşysyna göreşmek we çilim çekmegiň öňüni almak babatda öňdebaryjy orny eýeleýär we ýaşlaryň temmäkä garşy başlangyçlary iň netijeli strategiýalaryň biridir.

Ýaşlar öz gezeginde, milli saglygy goraýşa ygrarlylygy, Türkmenistanyň ýaşlara yzygiderli üns berýändigi, olaryň kämilleşmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigi we daşary ýurtlardaky watandaşlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Ýolbaşçylaryna hoşallygyny bildirdiler. Şeýle hem, ýaşlar Ilçihananyň dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, milliligi goldamaga we daşary ýurtlardaky türkmen ýaşlarynyň oňyn keşbini ösdürmäge kömek edýän çäreleriniň möhümdigini bellediler.