img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOLÖTEN ETRABYNDA DÖWREBAP ŞÄHERÇÄNIŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY

img
img
img
img
img
img
img
img

08.04.2026 y. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti bu şatlykly waka mynasybetli oňa gatnaşyjylary gutlap, ýurtda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany ýakyn günlerde bu künjekde taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini aýtdy.

Şäherçede jemi 4 müň 500 öýden ybarat bolan 2 müň 490 sany bir gatly bäş otagly we 2 müň 10 sany bir gatly üç otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Mundan başga-da, toplumyň infrastrukturasyna geňeşligiň binasy, söwda merkezi, 500 orunlyk Medeniýet öýi, bir müň orunlyk metjit, awtomenzil, kuwwaty 15 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga, mekdep, lukmançylyk merkezi we hassahana girýär.

Şeýle hem täze ilatly şäherçe 22 müň 500 adamyň ýaşamagy üçin niýetlenilip, bu taslama oba durmuşyny şäher ülňüleri bilen utgaşykly ösdürmegi maksat edinýär.

Döwrebap obalaryň gurluşygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýar.