RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Apr

SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLERDE TÜRKMEN-GRUZIN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenis...

DOWAMY
26 Mar

TÜRKMENISTAN DAŞTY GURŞAWY GORAMAK BILEN BAGLANYŞYKLY HALKARA RESMINAMALARYŇ BIRNÄÇESINE GOŞULMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR

2020-nji ýylyň 26-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi we onda döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bel...

DOWAMY
19 Mar

TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR

Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.

DOWAMY
14 Mar

TÜRKMENISTAN WE BMG UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYRLAR

2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...

DOWAMY
5 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “TÄZE SÖWDA WE ÜSTAŞYR ÝOLLARDA NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANŞYGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK MAKSADY BILEN MERKEZI AZIÝADA SEBITLEÝIN SERHETÜSTI HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMEK” ATLY ÇÄRESI

ürkmenistanyň wekilýetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Wena şäherindäki Neşe serişdelerine we jenaýata garşy komissiýasynyň 63-nji mejlisiniň çäginde, “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek”  atly çäre geçirildi. Bu çäre BMG-niň Neşe we jenaýata garşy müdirligi (UNODC) we Özbegistan Respublikasynyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Bu çärä 20-den gowrak BMG-niň agza...

DOWAMY
28 Few

DIM-DE «ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA» MASLAHATYNYŇ WE DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Ýaşyl Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Maslahatynyň we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA iş toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça seminar geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar Akademiýasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçileri g...

DOWAMY
27 Few

AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...

DOWAMY