RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Okt

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SOŇKY SYÝASY WAKALARYNA BAGYŞLANAN METBUGAT KONFERENSIÝASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda bolup geçen möhüm syýasy wakalara, hususan-da Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy kararlara, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mek...

DOWAMY
pic
30 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ö...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN DURNUKLY ULAG MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN DIALOG GEÇIRILDI

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Alga...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG, ENERGETIKA WE EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BARADA AÝTDY

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ulag we energetika pudagynyň hem-de şunuň bilen baglylykda ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berdi. Aşgabatda geçirilýän Halk maslahatynyň mejlisiniň gatnaşyjylary döwlet baştutanynyň ýurduň ulag we enerketika ugurlarynyň kämilleşdirilmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi baradaky  birnäçe möhüm garaýyşlaryny diňlediler.  Bu ugurda ek...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA KONSTITUSION ÜÝTGEŞMELER GIRIZILER

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini ösdürmeklige gönükdirilen, konstitusion özgertmelere serediler. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi hem-de onuň Halk maslahaty we Mejlis atly iki palataly Parlament dörediler. Ýokarda agzalanlara degişli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň degişli resminamalary kabul ediler.

DOWAMY
pic
25 Sen

HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ DOWAMYNDA DURMUŞ-YKDYSADY MESELELERE SEREDILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, pandemiýanyň dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysadyýetine ýetiren täsirine garamazadan, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanandygy barada belledi. Uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet býujetiniň serişdelerini...

DOWAMY