RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony my...

DOWAMY
24 Apr

Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň d...

DOWAMY
23 Apr

Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Dewid Kameronyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ö...

DOWAMY
18 Apr

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi. Durnukly ösüş hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy D.Frensis tarapyndan çagyrylan mejlise  ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ulag pydagynyň milli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agza döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we w...

DOWAMY
16 Apr

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...

DOWAMY
4 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik g...

DOWAMY
25 Mar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.

DOWAMY