RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADY, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy jenap Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlykda iki ýurduň ähmiýetlerini belläp geçip, Türkmenistanda ýola goýuljak täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmegiň mümk...

DOWAMY
pic
22 Sen

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolan Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Imomi Sodik Aşurboýzodanyň Duşenbäniň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny “soňa goýmagy” meýilleşdirýändigi hakyndaky beýan eden sözleri barada Täjik tarapyna özüniň düşünmezligini bildirdi. Täjik diplomatynyň ýokarda görkezilen beýannamasy boýunça Türkmen tarapynyň teswirleme...

DOWAMY
pic
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXI MASLAHATY BOLDY

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty geç­irildi. DTYB-nyň XXI mas­la­ha­ty­nyň işi­niň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Soň­ra “Me­kan” köş­gün­de mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Oňa hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan wekiller, DTYB-nyň to­par­la­ýyn...

DOWAMY
pic
19 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, mil­li par­la­men­tiň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynyň, ýur­du­my­zyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky i...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINE GATNAŞAR

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine gitmegine garaşylýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçiriljek mejlisiniň belent münberinden çykyş etmegi göz öňüne tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyk...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK AGENTLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň direktory jenap Hajime Taniguçiniň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajypdygy bellenildi. Ýaponiýan...

DOWAMY
pic
18 Sen

GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI

Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi, onuň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny tassyklanylmagy, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygy barada zawodyň ýolbaşçylaryna halkara guramalar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera z...

DOWAMY