RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Dek

HOWPSUZLYK WE ÖSÜŞ PROSESINDE ZENANLARYŇ ORNY BARADA OKUW MASLAHATY

2018-nji ýylyň 3-5-nji dekabrynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gurnamagy esasynda talyplar we ministrlikleriň we döwlet edaralaryň işgärleri üçin “Howpsuzlyk we ösüş prosesinde zenanlaryň orny” atly mowzuk boýunça Ilçi h-m Suoni Hantyň okuw maslahaty geçirilýär. Bu okuw maslahaty dawalaryň çözülmeginde zenanlaryň ornuna, uruşlar we parahatçylyk meselelerinde gender stereotiplerine bagyşlanandyr. Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynd...

DOWAMY
pic
4 Dek

ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝININDE ÝERLEŞÝÄN ÝURTLARA KÖMEK BERMEK BOÝUNÇA TÄZE MAKSATNAMASYNA BAGYŞLANAN WIDEOMASLAHAT

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabatda Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasyna (ADBM-4) bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu çärä Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-niň) Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli bilermenleri we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň başynda milli bilermenler öz ýurtlarynyň taslamalaýyn tekliplerini taýýarlamak boý...

DOWAMY
pic
4 Dek

UNESCO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA “ÝÜPEK ÝOLY” ATLY NOMINASIÝASY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 5-nji dekabryna çenli dowam etmegi meýilleşdirilýän UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi öz işine başlady. Bu duşuşygyň işine ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça Hökümetara utgaşdyryjy komitetiniň agzalary bolan 14 ýurtdan milli utgaşdyryjy merkezleri we bilermenleri hem-de...

DOWAMY
pic
4 Dek

AŞGABATDA ÝUNESKO-NYŇ BILERMENLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Ýüpek ýolundaky medeni hyzmatdaşlygynyň  Ýüpek ýolunuň ugrundaky sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleri” atly mowzugyna bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili we ÝUNESKO-nyň wekili çykyş etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoly taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy bol...

DOWAMY
pic
30 Noý

TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.

DOWAMY
pic
29 Noý

HÖKÜMETARA TÜRKMEN-MÜSÜR TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI KAIRDE GEÇDI

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Kair şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň 11 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, olaryň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bu mejlisiň çäklerinde türkmen-müsür işewürler maslahaty hem...

DOWAMY
pic
29 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...

DOWAMY