RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI «FERIEN-MESSE WIEN» ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli e...

DOWAMY
12 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.   Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmeni...

DOWAMY
11 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...

DOWAMY
22 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN DIPLOMATLARY BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan öz işini tamamlan türkmen Ilçilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem olar ýörite diplom bilen sylaglandylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatlarynyň işlemeklerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsun sözlerini aýtdylar...

DOWAMY
19 Dek

DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY GEPLEŞIKLER

2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...

DOWAMY
15 Dek

AŞGABATDA TÜRKIÝÄNIŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasy...

DOWAMY
12 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Anatolýewiç Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi bilen gyzgyn gutlady. Türkmen tarapy öz gezeginde hormatly geňeşçä baýramçylygy bellemek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýanlygy üçin minnetdarlygyny bil...

DOWAMY