TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri bo...
В Астане состоялась торжественная церемония открытия памятника великому туркменскому мыслителю Махтумкули Фраги
4 июля 2024 года в столице Республики Казахстан Астане состоялась торжественная церемония открытия памятника великому поэту-мыслителю Махтумкули Фраги. На церемонии приняли участие Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов, находящийся с рабочим визитом в Республике Казахстан, Председатель Сената Парламента Республики Казахстан Маулен Ашимбаев, аким города Астана Женис Касымбек и другие официальные лица. В своей речи Председате...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gaz pudagyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler. Türkmen gazyny Eýrana we onuň üstünden üçünji ýurtlara ibermek boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda gaz hyzma...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrund...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly go...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem, Özbe...
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkme...