img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy

photo

2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 34 ýyl dolýar.

Özara hormat goýmak, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ymtylyş ýörelgeleri esasynda geçen ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýady kemala geldi.

Türkmenistan bilen Ukraina syýasy-diplomatik dialogy yzygiderli goldap, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürýärler. Hususan hem bilim, ylym we işewürlik hyzmatdaşlygy ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýyl dürli derejelerde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we söhbetdeşlikler türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hem-de özara gatnaşyklaryň täze ileri tutulýan ugurlaryny gözlemäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ukrainaly kärdeşlerine we hyzmatdaşlaryna, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýan ähli taraplara tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýär. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de üstünlikler arzuw edýär.