UKRAINANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI WE UKRAINANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY MYNASYBETLI
Şu günlerde Ukraina möhüm döwlet baýramlaryny – Ukrainanyň Döwlet baýdagynyň gününi we Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýär.
Döwlet baýdagy garaşsyz döwletiň iň möhüm nyşanlarynyň biridir. Ol ýurduň taryhyny, milli mertebesini we halkyň azatlyk hem-de parahat geljege bolan ymtylyşyny alamatlandyrýar.
Garaşsyzlygyň 35 ýyly – möhüm wakalardan, özgertmelerden we üstünliklerden doly uly taryhy ýoldur. Şu döwürde Ukraina öz döwletliligini kemala getirmegiň, halkara gatnaşyklaryny berkitmegiň, ykdysadyýetiň, ylmyň, medeniýetiň we bilimiň ösdürilmeginiň, häzirki zaman döwlet edaralarynyň döredilmeginiň hem-de halkara abraýynyň pugtalandyrylmagynyň köpugurly ýoluny geçdi.
Türkmenistan bilen Ukrainany köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurtlar ençeme ýyllaryň dowamynda ählitaraplaýyn syýasy gepleşikleri goldap, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýärler.
Türkmenistan Ukraina bilen däp bolan hoşniýetli we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge uly ähmiýet berýär hem-de hemmetaraplaýyn döwletara dialogyň dowam etdirilmeginiň, özara gatnaşyklary giňeltmegiň we täze geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Bu şanly baýramlar mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy Ukrainany we doganlyk ukrain halkyny tüýs ýürekden gutlap, parahatçylyk, abadançylyk, durnuklylyk hem-de ösüş we döredijilik ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýär.