img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI OWGANYSTANDA TOPH WE TOP TASLAMASYNA GARADY

img
img
img
img
img
img

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparynyň dowamynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşyp, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň hem-de onuň möhüm bölegi bolan Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm taslamalarynyň biridigini bellediler.

Duşuşykda Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Owganystana ibermek bilen bagly mümkinçilikleriň Hyrat welaýatynda iri senagat zolagyny özleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmäge şert döredip bilinjekdigi bellenildi. Şeýle hem bu taslamalaryň täze iş orunlaryny döretjekdigi we goňşy ýurtda ykdysady ösüşe ýardam etjekdigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ulag-infrastruktura we elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hem möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy sebitde energetika we sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini, şeýle hem “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar.