img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa saparynyň çäklerinde penşenbe güni Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gruziýanyň Prezidentiniň “Orbeliani” köşgünde Türkmenistanyň Prezidentini resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we Gruziýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurt hem haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Poti portunyň mümkinçiliklerini utgaşdyrmak, şeýle hem Gruziýanyň üstaşyr geçirijilik kuwwaty arkaly türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň ýollary bilen bagly meselelere özara gyzyklanma bildirýärler.